HÜNÄRMEN DOLY-STACK PROGRAMMIST

Men pikirleri, çyzgylary we tehniki talapnamalary çalt, giňeldip we ulaldyp bolýan, owadan we ulanmaga taýýar programmalara öwürýärin.

Meniň bilen tanyş
Hünärmen programmist Agajan Sahatowyň suraty

Men näme hödürleýärin

Şahsyýetlere, startaplara we kärhanalara pikirlerini hakyky sanly önümlere ýagny programmalara öwürmäge kömek edýärin. Başlangyç düşünjeden iň soňky ädime çenli ygtybarly, tizligi çalt bolan, owadan we döwrebap programmalary dizaýn we kod ýazyp düzýärin.

WEB Programmalaryny düzmek

Döwrebap, owadan, duýgur (islendik ekrana uýgunlaşýan) we tizligi örän çalt web sahypalary we web programmalary düzýärin. Meýilnamadan dizaýna we programlamaga çenli maksadym — ýokary netijeli, amatly, goldawly we baýrakly web programmalary düzmek. Täze biznes ýada häzirki biznesiňizi ösdürmek üçin meniň ukyplarym arkaly kämil web sahypasy ýa-da web programmasyna eýe boluň..

Has köp gör

Serwer (bäkend we API) programmalaryny düzmek

Men hakyky durmuşda ulanylýan programmalaryň işleýşini üpjün edýän howpsuz we kämilleşdirip bolýan serwer ulgamlaryny dizaýn edip düzýärin. Muňa API-lar, hasaply şahsyýetnama barlag ulgamlary, maglumatlar ammarynyň dizaýny we uzak möhletleýin ösüş üçin gurlan biznes logikalary girýär. Ajaýyp ulanyjy tejribesini döretmek üçin, iş maksatlaryňyza laýyk gelýän kämil serwer programma çözgüdini hödürleýärin.

Has köp gör

Telefon/Mobil programmalaryny düzmek

Android we iOS telefonlary üçin çalt we ygtybarly mobil programmalaryny düzýärin. Hususanda meniň esasy ýörelgäm programmanyň işleýiş tizligine, saýhanly arhitekturasyna we rahat ulanyjy tejribesine gönükdirilendir. Ulanyjylaryňyz üçin rahat we döwrebap tejribe döretmek üçin iň täze tehnologiýalary ulanýaryn we işiňiziň talaplaryna laýyk ýokary hilli programma üpjün edýärin.

Has köp gör

Dürli-platforma çözgütli programmalary düzmek

"Bir okda iki towşan awla", ýagny birnäçe dürli enjamlarda işleýän programmany has çalt alyň! Sebäbi men dürli-platforma çözgütli gurallary ulanyp bir kod binýadyndan web, iOS, we android platformalarda işleýän owadan programmalary düzýän. Bu usul, her platformanyň özüne mahsus bolan programmalar bilen deňe-deň hil we tizligi saklamak bilen bir wagtda kodlama wagtyny azaldýar. Şol sebäpli, maddy ýa-da wagt çäklendirmeleri bolan kompaniýalar üçin bu iň amatly çözgütdir.

Has köp gör

Soňky iş tejribelerim

  1. Full-Stack programmist

    Xcargo

    Ýiwu, Çžeszýan, Hytaý · Garyşyk

    Hytaýdaky Ýiwu şäherinde ýerleşýän Xcargo halkara logistika kompaniýasynda garyşyk (ofisde we uzakdan) Full-Stack programmist hökmünde işledim. Xcargo bäkend ulgamy, öň panel we mobil programmalaryny gurdum.

    • MySQL
    • Workbench
    • Prisma
    • TypeScript
    • Next.js
    • Tailwind
    • DaisyUI
    • React Native
    Guramany gör
  2. Frontend tejribeçisi

    Smart Walnut Technology

    Nançaň, Szýansi, Hytaý

    Nançaň şäherinde ofisde frontend tejribeçisi hökmünde işledim. TypeScript, React, Ant Design we Git ulanyp web interfeýslerini gurdum.

    • TypeScript
    • React
    • Ant Design
    • Git
  3. Tejribeçi türgen

    Zhilin Information Technology Co., Ltd.

    Taýýüwän, Şansi, Hytaý

    Taýýüwän şäherinde ofisde programma öndüriş tejribeçiligi türgeni hökmünde işledim. «IoT Smart Home» we «Udacity Driverless System» atly iki taslama gurdum.

    • Python
    • Arduino
    • Deep Learning

Esasy tehnologiýalar

  • TypeScript

    Ygtybarly programmalar üçin tipli JavaScript.

  • React.js we React Native

    Döwrebap web we mobil interfeýsler.

  • Node.js

    Çalt JavaScript API-lary we hyzmatlary.

  • Next.js

    Önümçilige taýýar full-stack React programmalary.

  • Spring Boot

    Ygtybarly Java backend ulgamlary.

  • MySQL

    Ygtybarly relýasion maglumat saklaýjy.

Esasy taslamalarym

  • Xcargo logistika web sahypasynyň görnüş suraty

    Xcargo

    • TypeScript
    • Next.js
    • MySQL
    • DaisyUI
    • Tailwind
    • Expo
    • React Native

    Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky ýük yzarlamak we aç-açan nyrh bilen logistika platformasy.

  • GameHub oýun gözleg programmasynyň görnüş suraty

    GameHub

    • React
    • TypeScript
    • Chakra UI

    Janr we platforma boýunça süzgüçli, garaňky režimli we oýun maglumatlaryna esaslanýan döwrebap oýun gözleg programmasy.

  • SADA admin dolandyryş şablonyň görnüş suraty

    SADA

    • HTML
    • CSS
    • JavaScript

    Profil dolandyryşy, metrika synlary we arassalanan komponent düzümi bilen responsive admin dolandyryş şablony.

Ynam sizden netije bizden

  • 1,000+

    GitHub-daky jemi goşantlar — commitler, pull requestler, meseleler we beýlekiler.

  • 5+

    web, bäkend we mobil ugurlarynda programma düzmek boýunça ýyllyk tejribe.

  • 4+

    Meniň suwara gepleýän dillerim — türkmen, iňlis, hytaý, türk we rus.

  • 50+

    Öndürijilige taýýar işlerde yzygiderli ulanýan esasy tehnologiýalar we çarçuwalar.

Müşderilerim näme diýýär

Munyň ýaly bagtly we kanagatlanan müşderilerim bolmagy maňa örän şat salýar.

Meniň esasy prinsiplerim

  • Hil

    Hakyky ulanyş üçin taýýarlanan, öndürijilige taýýar we kämil iş.

  • Tizlik

    Tizligi we ölçeglenmegi ilkinji günden başlap gurlan programmalar.

  • Ulanyjy tejribesi

    Her karar hakyky ulanyjylaryň zerurlyklaryndan başlanýar.

  • Dowamlylyk

    Toparyňyz ynam bilen giňeldirip biljek arassa we saklamaga aňsat kod.

Geliň işleşeliň

Pikirleriňizi durmuşa geçirmek üçin ygtybarly, ökde, we professional programmist gözleýän bolsaňyz, habarlaşmaga çekinmäň. Men täze taslamalar we hyzmatdaşlyklar barada gepleşmäge we bilelikde işlemäge elmydama açyk.

Meň b/n habarlaş